Türkmenistan Italiýa Respublikasy bilen gatnaşyklaryň gerimini giňeldýär

Italiýanyñ Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyñ Italiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Toýly Kömekowyñ Italiýa Respublikasynyñ Daşary işler ministriniñ orunbasary Edmondo Çirielli, şeýle hem Italiýanyñ Daşary işler ministrliginiñ wekilleri bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyñ dowamynda halkara guramalaryñ çäklerinde ikitaraplaýyn özara gatnaşygy pugtalandyrmak hem-de ylym we medeniýet, söwda we ykdysadyýet gatnaşyklaryny ösdürmek, hususan-da, pudaklaýyn edaralaryñ ýolbaşçylarynyñ gatnaşmagynda dürli çäreleri geçirmek babatda öñde duran wezipeler barada maslahatlaşyldy.

Daşary işler ministrlikleriniñ arasynda geñeşmeleri geçirmek üçin ýakyn wagtda Aşgabada Italiýanyñ daşary syýasy edarasynyñ ýolbaşçylarynyñ saparlaryny guramak meselesine aýratyn ähmiýet berildi.

Şeýle-de, 2024-nji ýylyñ dekabr aýynyñ başlarynda 2024-nji ýylyñ maý aýynda Rimde geçirilen "Italiýa-Merkezi Aziýa" Üçünji Ministrlik duşuşygynda kesgitlenen ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmak we ösdürmek maksady bilen Italiýanyñ bilim, saglygy goraýyş, energetika we durnukly ösüş ulgamlarynyñ wekilleriniň Aşgabada gelmegi meýilleşdirýärler.

Çeşme: Türkmenistan Halkara habarlar merkezi

Şeýle hem