Türkmenistan Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilen «Russiýanyň Ulagy» atly halkara ulag sergisi we forumyna gatnaşdy. Türkmenistany forumda Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň wekiliýetiniň agzasy wekilçilik etdi. Forumyň çäklerinde 300-den gowrak hünärmenleriň gatnaşmagynda 30-dan gowrak işewürlik formaty gurnaldy.
19-21-nji noýabr aralygynda geçen forumyň baş mowzugy netijeli ulag ulgamynyň ösüşi boldy. GDA-nyň we Mongoliýanyň wekilleri halkara hyzmatdaşlygy, sanly ulgamy we pilotsyz tehnologiýalary ornaşdyrmagy hem-de serhetara infrastrukturasynyň ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar.
3900 m2 meýdany bolan sergide ulag pudagyndaky üstünlikler, şol sanda innowasion taslamalar we tehnologiýalar görkezildi. Bu çäre sebitiň ulag ulgamyny ösdürmek strategiýalaryny taýýarlamak we tejribe alyşmak üçin möhüm meýdança öwrüldi.