“Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024” atly halkara maslahata hem-de sergä uly taýýarlyk görülýär

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Düýn geçirilen mejlisde döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy. Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, 26-27-nji noýabrda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024” atly halkara maslahaty hem-de sergini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Maslahatyň meýilnamasyna laýyklykda, ýokary derejeli plenar mejlisi geçirmek, birnäçe sessiýalarda dürli meselelere seretmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnama esasynda her ýylyň 26-njy noýabrynyň “Bütindünýä durnukly ulag güni” diýlip ykrar edilmegi mynasybetli, BMG bilen bilelikde Durnukly ulagyň dostlary toparynyň ikinji ministrler maslahatyny, “Hemmeler üçin howpsuz ýollar” atly çäräni guramak meýilleşdirilýär. Halkara maslahata dünýäniň 40-dan gowrak döwletinden we ýurdumyzdan 600-e golaý wekiliň, sanly ulgam arkaly 50-den gowrak wekiliň gatnaşmagyna garaşylýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň sebit we yklym ähmiýetli möhüm ulag-logistik merkez hökmünde eýeleýän ornuny barha berkidýändigini, ýurdumyzyň ulag-kommunikasiýa pudagynyň işiniň yzygiderli kämilleşdirilýändigini, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň has-da ösdürilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahaty we sergini ýokary derejede geçirmegiň wajypdygyny nygtap, agentligiň ýolbaşçysyna bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi


Şeýle hem