Hazarüsti ulag geçelgesini ösdürmek boýunça işler alnyp barylýar

20-nji noýabrda Hazarüsti ulag geçelgesini ösdürmek boýunça ÝB-niň Utgaşdyryjy platformasynyň çäklerinde onlaýn-seminar geçirildi. Çäre Türkmenistanyň, Ýewropa Bileleşiginiň döwlet edaralarynyň, halkara maliýe institutlarynyň we daşary ýurt ilçihanalarynyň wekillerini bir ýere ýygnady.

Türkmen tarapyndan bu çärä Türkmenistanyň Ulag we kommunikasiýalar agentligi, «Türkmendemirýollary» agentligi, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Brýussel şäherindäki Türkmenistanyň ilçisi Sapar Pälwanow gatnaşdy.

ÝB tarapyndan çäräni Ýewropa Bileleşiginiň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça Baş direktory, Aziýa ösüş banky we Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky ýaly halkara maliýe institutlary, Fransiýanyň Türkmenistandaky ilçisi we Aşgabatdaky beýleki diplomatik wekilhanalaryň wekilleri goldadylar.

Onlaýn-seminaryň esasy maksady Türkmenistanyň ileri tutýan ulag taslamalaryny we olary halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde maliýeleşdirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak boldy. Gatnaşyjylar Hazarüsti geçelgesiniň üstaşyr geçirmek kuwwatynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak we Merkezi Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky aragatnaşygy pugtalandyrmak üçin ulag infrastrukturasyny ösdürmegiň zerurdygyna üns berdiler.

Çeşme: Türkmenistan Halkara habarlar merkezi

Şeýle hem