Türkmenistanda howpsuz we durnukly jemgyýeti döretmekde ýaşlaryň orny ýokarlanýar

18-19-njy noýabr aralygynda Türkmenistanda transmilli guramaçylykly jenaýatçylyga garşy Bütindünýä gününe bagyşlanan çäreler geçirildi. «Ýaşlary guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşe gatnaşdyrmak» atly çäreler USAID-iň «Merkezi Aziýada howpsuz migrasiýa» (SMICA) Maksatnamasy tarapyndan, BMG-niň neşe serişdelerine we jenaýatlara garşy dolandyryşy (UNODC) hem-de ýerli hyzmatdaşlar bilen bilelikde guraldy.

18-nji noýabrda Aşgabadyň ýöriteleşdirilen 21-nji mekdebinde ýokary synp okuwçylary üçin geçirilýän çärede adam söwdasy we guramaçylykly jenaýatçylyk howplary ara alnyp maslahatlaşyldy. 19-njy noýabrda 100-den gowrak adamlaryň, şol sanda talyplaryň we meýletinçileriň gatnaşmagynda jemgyýetçilik çäresi geçirilip, jemgyýetlerde howpsuzlygy pugtalandyrmakda ýaşlaryň ornuny giňeltmäge gönükdirildi.

ABŞ-nyň Ilçisi Elizabet Rud ýaşlaryň Türkmenistanyň howpsuz geljegini döretmekdäki ähmiýetini belläp, öz jemgyýetlerini goramak üçin bilimlerini peýdalanmaga çagyrdy. SMICA maksatnamasy ýaşlary adam söwdasynyň öňüni almak we bu ugurda bilim bermek boýunça maglumatlary hödürledi.

Çäreleriň maksatnamasy milli ýaşlar bäsleşigini, türkmen, rus we iňlis dillerindäki interaktiw ara alyp maslahatlaşmalary öz içine aldy. Ýerli jemgyýetçilik guramalary ýaşlaryň öz jemgyýetleriniň durmuşyna işjeň gatnaşmagy arkaly guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Hususy kärhanalar has işjeň gatnaşyjylary baýraklar bilen üpjün etdiler.

Bu çäreler döwlet, hususy we jemgyýetçilik guramalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýetini, şeýle-de Türkmenistanda howpsuz we durnukly jemgyýetleri döretmekdäki ýaşlaryň ornuny aýratyn nygtady.

Çeşme: Türkmenistan Halkara habarlar merkezi

Şeýle hem