Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 72-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Gonkongyň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy we yşyklandyryş kerosinini, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Şweýsariýanyň, Owganystanyň, Özbegistanyň, Ukrainanyň işewürleri bolsa «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen kükürtden arassalanan dizel fraksiýasyny hem-de karbamidi satyn aldylar.
Mundan başga-da, daşary ýurt puluna BAE-niň, Serbiýanyň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine ýorgan-düşek daşlyklarynyň toplumlary, nah ýüplük, buýan köküniň gury ekstrakty, jins önümleri, aşgarlanmadyk mata ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 24 million 818 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 90 million 88 müň manatdan gowrak bolan nebit ýol bitumyny we gaplaýyş plýonkasyny («Türkmennebit» döwlet konserni), şeýle hem float aýnasyny, el halylaryny, nah ýüplügi, dokma önümleriniň galyndylaryny satyn aldylar.