Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreleri jemlemek dabarasy boldy

Noýabr aýynyň 16-na Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasyndaky” «Türkmeniň ak öýi» binasynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreleri jemlemek dabarasy hem-de onuň çäklerinde türki döwletleriň sungat ussatlarynyň konserti boldy.

Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän syýasatyň möhüm ugurlarynyň biridir. Türkmenistanyň gadymy Änew şäherini 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýip yglan etmek baradaky çözgüdiň kabul edilmegi munuň aýdyň güwäsidir.

“Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” atly maksatnama türki halklaryň medeni mümkinçiliklerini açyp görkezmäge, dünýä jemgyýetçiligini olaryň mirasy bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendir. Munuň özi her ýylda türki dilli ýurtlaryň dürli şäherleriniň döredijilik taryhyna ünsi çekmegi, şonuň esasynda hem dürli görnüşdäki baý medeni çäreleriň geçirilmegini göz öňünde tutýar. Şeýle-de ol türki halklaryň taryhyň dowamynda emele gelen gatnaşyklaryna, medeniýetara hyzmatdaşlygyna esaslanýar. Ýurdumyzyň gadymy şäherleriniň eýýäm ikinji gezek “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi olaryň gadymy taryhyna we baý milli medeniýetine ylmy-döredijilik intelligensiýanyň ünsüni çekmäge, özgertmeler ýolunda häzirki zaman gazananlary bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik berýär. 2015-nji ýylda bu hormatly ada Mary şäheri eýe boldy. Bu şäheriň şeýle derejä mynasyp bolmagynyň çäklerinde türki dilli ýurtlaryň hyzmatdaşlygyny, doganlyk halklaryň dostlukly gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam beren çäreler üstünlikli geçirildi.

... “Nowruz ýaýlasynda” giň gerimli baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Dabara gatnaşmak üçin bu ýere Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri ýygnandylar. Hormatly myhmanlaryň hatarynda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň, TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň degişli ministrlikleriniň ýolbaşçylary hem bar.

Dabaradaky çykyşlarda bellenilişi ýaly, Änew şäherine bu hormatly derejäniň berilmegi mynasybetli paýtagtymyzda TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň II teatr festiwaly, “Gorkut ata” halkara kinofestiwaly, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasyndaky” «Türkmeniň ak öýi» binasynda türki halklaryň aýdymçylarynyň konserti, türki halklaryň suratkeşleriniň, amaly-haşam sungatynyň, fotosuratçylarynyň eserleriniň sergisi, TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň döwlet we milli muzeýleriniň ýolbaşçylarynyň maslahaty ýaly möhüm çäreler geçirildi. TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary Sultan Raýew Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli guralan halkara çäreleriň türki halklaryň arasynda medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolandygyny belledi hem-de olaryň ýokary guramaçylyk derejesi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.

Soňra baýramçylyk konserti geçirildi. Onda Türkmenistanyň hem-de türki dilli ýurtlaryň sungat ussatlary çykyş etdiler. Konsertde türki halklaryň asyrlarboýy dowam edip gelýän özboluşly däp-dessurlaryny şöhlelendirýän aýdym-sazlar ýaňlandy. Türkmen sungatynyň köpdürlüligini şöhlelendirýän çykyşlarda Garaşsyz Watanymyz, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işleri, mähriban topragymyzyň gözelligi wasp edildi. Ýurdumyzyň meşhur döredijilik toparlary, aýdymçylary, folklor toparlary öz ussatlyklaryny görkezdiler. Konsertiň dowamynda türk, özbek, gyrgyz, gazak halk tans toparlarynyň, aýdymçylarynyň ýerine ýetiren çykyşlary türki dilli halklaryň sungatynyň baý mümkinçiliklerini açyp görkezdi. Sungat ussatlary aýdym-sazyň şirin owazy arkaly halklaryň ebedi dostlugyny beýan etdiler.

Dabaranyň dowamynda 2025-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilen Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäheriniň resmi wekiliýetine TÜRKSOÝ-nyň ýörite kubogy, şeýle hem “Gorkut ata” halkara kinofestiwalynyň göçme nyşany gowşuryldy.

Konsertde küştdepdi ýerine ýetirildi. Bu ajaýyp we şowhunly çykyş doganlyk halklaryň kökleriniň gadymylygyny hem-de döredijiligiň jebisleşdiriji güýjüni görkezdi. Baýramçylyk konsertine gatnaşyjylaryň ählisiniň bilelikde ýerine ýetirmeginde ýaňlanan «Türkmenistan — dost-doganlyk mekany» atly aýdym dabaranyň özboluşly jemlenmesine öwrüldi.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli goldaw-hemaýatlary netijesinde türkmen halkynyň şöhratly taryhyny, medeni mirasyny giňden öwrenmek, medeniýeti we sungaty ösdürmek ugrunda giň mümkinçilikleriň döredilýändigi bellenilýär.

***

Şol gün paýtagtymyzdaky “Aşgabat” myhmanhanasynda 2024-nji ýylyň “Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly” we Änew şäheriniň “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli düzme ýazmak ussatlygy boýunça hem-de türki dünýäniň ýaş suratkeşleriniň arasyndaky halkara bäsleşikleriň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Ýeňijilere baýraklaryň gowşurylyşy şatlykly pursatlara beslendi. Türki medeniýetiň halkara guramasynyň yglan eden bäsleşikleriniň ýeňijileri halkara eminler topary tarapyndan saýlanyp seçildi we türki döwletleriň her biri boýunça aýratynlykda kesgitlenildi.

Dabarada ilki «Magtymguly Pyragy akyldar we şahyr» diýen mowzukda düzme ýazmak ussatlygyny görkezip, bäsleşikde ýeňiji bolan ýaşlara baýraklar gowşuryldy. Soňra «Türki halklaryň medeni mirasy we Änew medeniýeti» atly mowzukda türki döwletleriň ýaş suratkeşleriniň arasynda yglan edilen halkara bäsleşikde ýeňiji bolan ýaşlaryň atlary yglan edildi. Bu bäsleşikleriň geçirilmegi türki dünýäniň ýaş nesilleriniň arasynda medeni dialogyň üstünlikli ösdürilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Şeýle hem