Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän ulgamyny ösdürmek, hususan-da, demir ýol ulagy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, onuň işgärleri üçin has oňaýly iş şertlerini döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, ýakyn ýyllarda ýurdumyzyň etraplarynyň we şäherleriniň birnäçesinde demir ýol stansiýalarynyň döwrebap binalaryny gurmak göz öňünde tutulýar we häzirki wagtda bu ugurda degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýolagçylar we demir ýol ulagy pudagynyň işgärleri üçin has oňaýly şertleri döretmek babatda netijeli işleriň alnyp barylýandygyny, häzirki zaman demir ýol stansiýalarynyň yzygiderli gurlup ulanmaga berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz kabul edilen maksatnama esasynda Ahal welaýatynda Duşak we Bamy, Balkan welaýatynda Jebel, Mary welaýatynda Baýramaly demir ýol stansiýalarynyň döwrebap binalaryny gurmak barada taýýarlanan teklibi goldap, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.