Türkmen-özbek ikitaraplaýyn gatnaşyklary depginli ösýär

15-nji noýabrda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow bilen Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri B.Saidowyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda taraplar iň ýokary derejedäki dostlukly we ynamdar syýasy gepleşiklere esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň depginli ösüşini bellediler. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Prezidentiniň, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda şu ýylda geçirilen duşuşyklaryň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň barşyna garaldy.

Bilelikdäki iş üçin uly mümkinçiliklere eýe bolan söwda-ykdysady ugurdaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmeklige aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparynyň hem-de iki ýurduň milli önümleriniň sergilerini geçirmegiň ähmiýeti bellenildi.

Ýangyç-energetika pudagynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak meselelerine hem garaldy. Mundan başga-da medeni-ynsanperwer ugurdaky hyzmatdaşlyk hem ara alyp maslahatlaşyldy.

Taraplar dürli ugurlarda ikitaraplaýyn özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ygrarlylyklaryny beýan etdiler.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

Şeýle hem