GDA ýurtlarynyň ýol gurluşykçylarynyň Hökümetara geňeşiniň 48-nji mejlisi geçirilýär

Şu gün paýtagtymyz Aşgabatdaky “Arçabil” myhmanhanasynda GDA ýurtlarynyň ýol gurluşykçylarynyň Hökümetara geňeşiniň 48-nji mejlisi öz işine başlady.

 Iki günüň dowamynda gatnaşyjylar awtomobil ýollarynyň gurluşygy we ulanylyşy, ýol gurluşyk pudagynda täze tehnologiýalaryň, önümleriň, tehnikanyň we häzirki zaman enjamlaryň ornaşdyrylmagy barada maslahatlaşarlar. 

Mejlise Gazagystanyň, Eýranyň, Russiýanyň, Belarusyň, Slowakiýanyň, şeýle hem Türkmenistanyň pudaklaýyn ministrlikleriniň we edaralarynyň, hususy kärhanalarynyň wekilleriniň gatnaşýar. 48-nji mejlise GDA-nyň ýol gurluşykçylarynyň Hökümetara geňeşiniň başlygy Buri Karimow ýolbaşçylyk edýär. 

Çeşme: Türkmenistan Halkara habarlar merkezi

Şeýle hem