Türkmenistanyň telekeçileri «Halal Expo-2024» halkara sergisine gatnaşarlar

27-30-njy noýabr aralygynda Stambulda geçiriljek «Halal Expo-2024» halkara sergisine Türkmenistanyň telekeçileri gatnaşarlar.

Bu Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň howandarlygynda Bütindünýä Halal Sammiti bilen bilelikde geçirilen halal pudagyndaky iň uly halkara çäredir. Sergi Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň goldawy bilen we Yslam ýurtlary üçin Standartlar  we Metrologiýa  göz öňünde tutup guraldy. 

Bu çäre halal önümler we hyzmatlar pudagynda söwda gatnaşyklaryny ösdürmek üçin giň gerimli meýdançadyr. Sergide azyk, iýmit goşundylary we içgiler, syýahatçylyk, lukmançylyk, kosmetika, egin-eşik, dokma önümleri we başga-da dürli ugurlar görkeziler.

Şeýle hem dürli kompaniýalar we degişli ugurlar boýunça hünärmenler bilen hyzmatdaşlyk  we interaktiw aragatnaşyk üçin mümkinçilikler bolar. Bu çäre her ýyl dürli ýurtlarda geçirilýär we oňa uly isleg bildirilýär. Geçen ýyl «Halal» sergisi 100 ýurtdan 30 müňden gowrak myhmany özüne çekdi. Has giňişleýin maglumaty çäräniň resmi web sahypasynda alyp bilersiňiz.

Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr»

Şeýle hem