«Agrosenagat toplumynyň durnukly ösüşi» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

6-njy noýabrda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde sanly ulgam arkaly «Agrosenagat toplumynyň durnukly ösüşi» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň, Russiýanyň, Özbegistanyň, Belarusuň ugurdaş ylym-bilim edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda oba hojalyk pudagynda tejribe alyşmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklary bilen bir hatarda, oba hojalyk pudagy hem yzygiderli ösdürilýär, onuň eksport mümkinçilikleri pugtalandyrylýar. Ýer-suw serişdeleriniň tygşytly peýdalanylmagyna, döwrebap tehnologiýalaryň, ylmyň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Türkmen alymlarydyr hünärmenleri tarapyndan pudagy döwrüň talaplaryna laýyklykda durnukly ösdürmek, ylmy taýdan esaslandyrylan ekin dolanyşygyny ýola goýmak, önümleriň öndürilýän möçberini artdyrmak üçin degişli işler alnyp barylýar. Şunda sebitiň we dünýäniň beýleki ýurtlary, ugurdaş halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyga uly orun degişlidir. Türkmenistanda bu ugra degişli halkara sergileriň, ylmy maslahatlaryň, işewürlik duşuşyklarynyň yzygiderli geçirilmegi muny aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

Ekologik abadançylyk azyk howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagynyň we azyk bolçulygynyň üpjün edilmeginiň möhüm şerti bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda Howanyň üýtgemegi baradaky Milli strategiýanyň hem-de Milli tokaý maksatnamasynyň çäklerinde zerur çäreler amala aşyrylýar. Durnukly ösüş maksatlaryny ilkinjileriň hatarynda milli derejede ornaşdyran Türkmenistan 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibiniň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýar. Ýurdumyz bu ugurdaky halkara tagallalary goldamak bilen, degişli meseleleri çözmek üçin geljegi nazarlaýan deňeçer çözgütleri işläp taýýarlamakda başlangyçly çykyş edýär. Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary, şol sanda Azyk we oba hojalyk guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmegi munuň aýdyň güwäsidir.

Häzirki döwrüň möhüm talaby bolan «ýaşyl» ykdysadyýet konsepsiýasynyň oba hojalyk pudagyna ornaşdyrylmagy durnukly ösüşi we ekologik abadançylygy üpjün etmäge ýardam berýär. Ählumumy durnukly azyk üpjünçiligi Durnukly ösüş maksatlarynyň esasylarynyň biri bolmak bilen, dünýä ykdysadyýetiniň çalt özgerýän şertlerinde döwrüň möhüm meselesi bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bu ugurda toplumlaýyn işleriň durmuşa geçirilmegi esasynda ýokary hilli, ekologik taýdan arassa, bäsdeşlige ukyply azyk önümleriniň önümçiligi yzygiderli artdyrylýar.

Soňky ýyllarda Türkmenistan häzirki zaman oba hojalyk tehnologiýalarynyň, şol sanda takyk ekerançylyk ulgamlarynyň giňden ornaşdyrylmagyna we degişli amallaryň awtomatlaşdyrylmagyna aýratyn üns berýär. Bu bolsa önüm öndürijilere serişdeleri has netijeli dolandyrmaga, çykdajylary azaltmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň netijesinde ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň kanunçylyk binýadynyň, önümçilik gatnaşyklarynyň yzygiderli kämilleşdirilýändigi bellenildi. Oba hojalyk önümlerini öndürijileriň maliýe-ykdysady taýdan höweslendirilmegi olary täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Döwletimiz tarapyndan dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň oba hojalyk tehnikalaryny we enjamlaryny satyn almak üçin ýeňillikli karzlar berilýär.

Oba hojalyk pudagynda yzygiderli ylmy-barlag işleriniň we gözlegleriň geçirilmegi, ýokary bilimli hünärmenleriň taýýarlanylmagy pudagy durnukly ösdürmegiň esasy şertleriniň biridir. Oba hojalykçy alymlaryň we ugurdaş hünärmenleriň, ekerançylaryň gaýratly zähmeti esasynda ekinleriniň hasyllylygy ýokarlanyp, ýurdumyzyň ygtybarly azyk binýady üpjün edilýär. Munuň özi ekologik deňagramlylygy saklamaga, üýtgeýän şertlere uýgunlaşmaga hem kömek edýär. Maslahatda çykyş edenler şu gezekki duşuşygyň özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmaga, täze hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, öňde durýan wezipeleri üstünlikli çözmäge itergi berjekdigine ynam bildirdiler.

Soňra halkara ylmy-amaly maslahat öz işini «Agronomçylyk, bagbançylyk we ekologiýa», «Agrosenagat toplumynda ykdysadyýet we dolandyryş, ynsanperwer, matematika ylymlary, agroinženerçilik», «Azyk senagaty, suw hojalygynda innowasion tehnologiýalar, zootehniýa we weterinar lukmançylygy, ýeňil senagat» atly bölümçelerde dowam etdi.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Şeýle hem