Türkmenistanyň gatnaşmagynda Bişkek şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň nobatdaky XI sammiti geçiriler

6-njy noýabrda Gyrgyz Resbublikasynyň Bişkek şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) nobatdaky XI sammiti geçiriler. Sammite gurama agza döwletleriň ýolbaşçylary, şeýle-de oňa Türkmenistan we Wengriýa synçy ýurtlaryň ýolbaşçylary gatnaşar. 

Sammitiň gün tertibindäki meseleler «Türki dünýäni güýçlendirmek: Ykdysady integrasiýa, durnukly ösüş, sanly gelejek we hemmeler üçin howpsuzlyk» şygary esasynda ara alnyp maslahatlaşylar. Sammite gatnaşyjylar, TDG agza ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, sanly tehnologiýalara geçmek we sebitdäki howpsuzlygy pugtalandyrmak bilen baglanyşykly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar.

Duşuşygyň möhüm netijesi 2025-nji ýyla TDG-nyň başlyklygy Türkmenistandan Gyrgyzystana geçirilmegi bolar. Bu çäre, guramanyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň depginli ösüşini we halkara meýdançasynda bilelikdäki başlangyçlary öňe sürmegiň möhüm ädimi bolup durýar.

Türki Döwletleriniň Guramasyna Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkiýe we Özbegistan girýär, Türkmenistan hem-de Wengriýa bolsa synçy ýurt hökmünde gatnaşýar. TDG duşuşyklarynda syýasy, ykdysady we medeni hyzmatdaşlyk meseleleri, şeýle hem agza ýurtlaryň halkara giňişlikde bähbitlerini gorap saklamak baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar.

Çeşme: Türkmenistan Halkara habarlar merkezi

Şeýle hem