Ata Watanymyz Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan bitaraplygyň we parahatçylygyň, türkmen döwletliliginiň milli nusgasyny dünýä ykrar edip, daşary syýasatda, ozaly bilen, milli hem-de ählimumy bähbitleri üçin amatly halkara şertleri üpjün etdi. Häzirki wagtda Türkmenistan dünýä giňişliginde ählumumy ösüşi üpjün etmek, adam hukuklaryny goramak babatda, energetika, ulag-üstaşyr geçelgeleri, ekologiýa we medeni-ynsanperwer gymmatlyklaryň ösdürilmegi ugrunda netijeli başlangyçlary öňe sürýär.
Ýurdumyz halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny esasy ölçeg hökmünde ileri tutýan, halkara borçnamalaryna ygrarly hem ygtybarly döwlet bolup, häzirki wagtda dünýäniň ençeme döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. Şeýle hem Türkmenistan abraýly halkara guramalaryň agzasy bolup, olar bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Munuň özi Türkmenistanyň köptaraplaýyn, şeýle hem sebitleýin hyzmatdaşlygynyň barha rowaçlanýandygyny aýdyň görkezýär. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda ulag hyzmatlarynyň ösdürilmeginde raýat awiasiýasy möhüm orunlaryň birini eýeleýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda raýat awiasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek, onuň düzümini döwrebap täze uçarlar bilen baýlaşdyrmak, pudak üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak, täze howa menzillerini gurmak we durkuny täzelemek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yzygiderli goldawlarynyň netijesinde “Türkmenhowaýollary” agentliginiň önümçilik işleri ýokarlanýar, tehnikalary kämilleşýär we täzeleri satyn alynýar, şeýle hem howa menzilleriniň infrastrukturalary ösdürilýär.
Raýat awiasiýa pudagy halkara gatnaşyklarynyň esasy köprüsi bolup hyzmat edýär. Soňky ýyllarda “Türkmenhowaýollary” agentliginiň işiniň has-da kämilleşip, tehniki taýdan häzirki zaman enjamlar bilen üpjün edilmegi, howa ulaglary pudagyna degişli binalaryň gurlup ulanylmaga berilmegi, täze uçarlaryň birnäçesiniň satyn alynmagy umumy gazanylan ýokary netijeleriň gysgaça beýanyny düzýär. Aýratynda, soňky ýyllarda “Türkmenhowaýollary” agentliginiň tehniki esasy hem düýpgöter özgerdi we kuwwatlandy. “Laçyn” nyşanly türkmen uçarlary bilen yzygiderli üsti ýetirilýän milli raýat awiasiýamyz dünýäde özüni kämil, döwrebap awiasiýa kompaniýasy we ynamdar hyzmatdaş hökmünde tanatdy.
“Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyny” tapgyrlaýyn amala aşyrmagyň çäklerinde ýerine ýetirilen işleriň netijesinde ýurdumyzyň ähli howa menzilleri halkara ülňülerine laýyk derejä getirildi. Häzirki wagtda diňe bir paýtagtymyzyň Halkara howa menzili däl-de, sebitleriň howa menzilleri hem islendik kysymly we ýük göterijiligi bolan uçarlary kabul etmäge ukyplydyr. Howa menzilleri howa gämileriniň hereketini adaty däl howa şertlerinde-de howpsuz dolandyrmak, uçuşlaryň ykdysady taýdan tygşytlylygyny üpjün etmek üçin kämil tehniki serişdeler bilen enjamlaşdyryldy.
Howa ulagy arkaly halkara gatnawlary mundan beýläk-de giňeltmek maksady bilen, “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň awiaparkynyň üsti dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň, hususan-da, “Boeing” we “Airbus” ýaly kompaniýalarynyň döwrebap ýolagçy we ýük uçarlary bilen ýetirilýär.
Türkmenistan transmilli howa ulag ulgamyny ösdürmek boýunça özara peýdaly hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýän döwletleriň ählisini çagyrýar, ol sebitiň ägirt uly üstaşyr geçirijilik mümkinçiliklerini artdyrmaga, harytlaryň täze bazarlara çykarylmagyna we ulag harajatlarynyň kemeldilmegine ýardam eder, munuň özi diňe ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň kuwwatlanmagyna däl-de, eýsem, tutuş Ýewraziýa yklymynyň ýurtlarynyň ykdysadyýetiniň ösüşine täze itergini berer.
Häzirki wagtda raýat awiasiýa pudagy üçin ýokary bilimli hünärmenleri Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda hem-de ýörite orta bilimli hünärmenleri bolsa “Türkmenhowaýollary” agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebinde taýýarlanylýar. Şeýle hem “Türkmenhowaýollary” agentligi tarapyndan raýat awiasiýa pudagynda hünärmenleri taýýarlamagyň usulyýet binýadyny we tehniki ulgamyny kämilleşdirmek, awiasiýa işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, daşary ýurtlarda okuwlar yzygiderli geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan “Açyk gapylar” syýasaty netijesinde, türkmen döwleti dünýäniň köp ýurtlarynyň işewür toparlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýdy. Bu ugurda “Türkmenhowaýollary” agentligi ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmekde, daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmekde möhüm orny tutýar.
Garaşsyzlyk – halkyň göterilen ykbaly, döwletliligiň belent ykrarnamasy, onuň buýsançly geçmişine, şöhratly şu gününe, röwşen geljegine guwanyp, Ýer ýüzünde bagtyýar, erkana ýaşamagynyň kepili bolup durýar.
Garaşsyzlyk ýyllarynda milli raýat awiasiýa pudagynda gazanylýan mynasyp ösüşler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ilkinji nobatda, türkmen halkynyň bolelin, eşretli durmuşda ýaşamagy üçin edýän işleriniň netijesidir. Biziň bagtyýar durmuşda ýaşamagymyz, döwrebap syýahat etmegimiz, joşgunly zähmet çekmegimiz üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, işleri rowaç, belent başlary aman bolsun!
Hajymämmet Nyýazgeldiýew,
«Türkmenhowaýollary» agentliginiň Aşgabat Halkara howa menziliniň Howa hereketini guramagyň bir bitewi ulgamynyň Baş merkeziniň raýat sektorynyň uly dispetçeri, KA-nyň işjeň agzasy.
Çeşme: «Türkmeniň ýüpek ýoly» gazeti.