Türkmenistan bilen Beýik Britaniýa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar

31-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Beýik Britaniýanyň Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça Daşary işler ministriniň orunbasary, Parlamentiň agzasy Stiwen Doutiniň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy akaly duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň çäginde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şeýle hem sebit we halkara gün tertibiniň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Durmuş pudagy döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugry hökmünde kesgitlenildi. Şu nukdaýnazardan diplomatlar medeniýet we bilim, hususan-da Türkmenistanda iňlis dilini öwrenmek babatynda oňyn hyzmatdaşlygy tassykladylar.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi


Şeýle hem