«Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi

Düýn Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi. Oňa Daşary işler ministrliginiň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, professor-mugallymlar, talyplar we türgenler gatnaşdylar. Maslahatyň öňüsyrasynda bu ýerde Diýarymyzyň sport üstünliklerine, köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmekde ýetilen sepgitlere bagyşlanan sergi guraldy.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 6-njy sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen hem-de Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda “Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary” atly Kararnama kabul edildi. Bu resminama dünýäniň 87 döwletiniň awtordaş bolup çykyş etmegi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan daşary syýasatynyň giň goldawa eýe bolýandygyny görkezýär.

Ýurdumyzyň sport ulgamyndaky özgertmeler netijesinde Türkmenistan halkara ýaryşlaryň geçirilýän merkezine öwrüldi. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, “Amul — Hazar” halkara awtorallisi, Agyr atletika we Kuraş boýunça dünýä çempionatlary, hokkeý, tennis boýunça halkara ýaryşlar munuň aýdyň güwäsidir. Bu möhüm sport çäreleri Türkmenistanyň giň halkara hyzmatdaşlygy, dostlugy we özara düşünişmegi berkarar etmegi, köpçülikleýin sportuň ösdürilmegini höweslendirmegi maksat edinýändigini tutuş dünýä ýene-de bir gezek açyp görkezmäge ajaýyp mümkinçilik boldy. Ýurdumyz bu işi belent ynsanperwer ýörelgeleri bilen utgaşdyrýar. Munuň özi Durnukly ösüş maksatlarynyň amala aşyrylmagy bilen birlikde, Olimpiýa hereketiniň maksatlaryna eýerilmegine-de gönüden-göni baglydyr.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini ösdürmäge, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga, sport diplomatiýasyny işjeňleşdirmäge gönükdirilen başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýar. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynda “Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi, GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Aşgabadyň “Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri” diýlip yglan edilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Şonuň bilen bir hatarda, Türkmenistanyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna saýlanandygyny nygtamak gerek.

Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan Türkmenistan ilatyň saglygyny goramak, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, sport diplomatiýasynyň adamlary jebisleşdiriji mümkinçiliklerini parahatçylygy, abadançylygy berkitmegiň bähbidine netijeli peýdalanmak babatda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary, beýleki halkara düzümler bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.

Halkara maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar dünýäde parahatçylygyň, dostlugyň dabaralanmagy ugrunda netijeli başlangyçlary öňe sürýän hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan hoşallyklaryny beýan etdiler.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Şeýle hem