Türkmen-türk ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy dost-doganlyk esasynda işjeň ösdürilýär

Türkmenistan-Türkiýe parlamentara dostluk toparynyň agzalarynyň Türkiýe Respublikasynyň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşiniň başlygy Mahmut Er bilen duşuşygy boldy. 

Bellenilişi ýaly, 25-nji oktýabrda geçirilen duşuşygyň barşynda türkmen tarapy Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň ýörelgelerinden ugur alýan içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary hem-de milli Mejlisiniň kanunçykaryjylyk işi barada gürrüň berdi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen-türk ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň dost-doganlyk, özara düşünişmek we ýakyndan goldamak esasynda işjeň ösdürilýändigi kanagatlanma bilen nygtaldy.

Häzirki döwürde köpugurly gatnaşyklaryň ähli ugurlarda, şol sanda iki döwlet üçin hem ähmiýetli bolan söwda-ykdysady, maýa goýum, bank işi, energetika, ulag-logistika, senagat, şähergurluşyk, oba hojalygy we sport ulgamlarynda ýokary derejede ösdürilmeginiň möhümdigi bellenildi.

Çeşme: Türkmenistan Halkara habarlar merkezi

Şeýle hem