BMG-niň Tertipnamasynyň güýje girmeginiň 79 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirildi

25-nji oktýabrda BMG-niň Aşgabat şäherindäki wekilhanasynda BMG-niň Tertipnamasynyň güýje girmeginiň 79 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirildi.

Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we wekilleri, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy, Aşgabat şäherindäki BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylary we işgärleri gatnaşdylar.

BMG-niň abraýly we kanuny ählumumy halkara forum, parahatçylygy goramagyň we pugtalandyrmagyň kepili hökmünde, şeýle hem halkara giňişliginde bähbitleriň deňagramlylygyny saklamakda möhüm ähmiýetine aýratyn üns berildi.

Öz çykyşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky konstruktiw hyzmatdaşlygyň netijeliligini we esasy ugurlaryny belläp geçdi.

Türkmenistanyň başlangyjy esasynda sebit howpsuzlygyny pugtalandyrmak, parahatçylygy berkitmek, durnukly ösüşi üpjün etmek, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly töwekgelçilikleri ýeňip geçmek we beýleki ugurlarda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 27 Kararnamanyň kabul edendigi nygtaldy.

Hususan-da, 24-nji oktýabrda BMG-niň döredilen gününde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 25-nji plenar mejlisiniň dowamynda «Merkezi Aziýa – parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu Kararnamanyň awtordaşy bolup 37 döwlet, şol sanda Türkmenistanyň goňşy döwletleri bolan ähli Merkezi Aziýa ýurtlary, Azerbeýjan, Eýran we Owganystan çykyş etdiler.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň BMG-niň ynsanperwer maksatlarynyň durmuşa geçirilmegine goşant goşmagy dowam etdirjekdigi tassyklandy.

Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentiniň goldaw bermeginde döredilen «Türkmenistan – Birleşen Milletler Guramasy» strategiki maslahat beriş geňeşiniň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görülýändigini belledi. Bu mejlisiň dowamynda geljek döwürde BMG bilen hyzmatdaşlyk boýunça anyk ädimler ara alnyp maslahatlaşylar.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

Şeýle hem