Abraýly daşary ýurt kompaniýasy Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň işine ýokary baha berdi

Abraýly daşary ýurt kompaniýasy Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň işine ýokary baha berdi

12-nji oktýabrda Awstriýa Respublikasynyň «M.&D. Gerther Ges.m.b.H» kompaniýasynyň wekillerinden ybarat wekilýet Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna baryp gördi.
Wekilýetiň agzalary deňiz duralgasynyň mümkinçiligi bilen tanyşdyryldy, hususan-da, olar ornaşdyrylan enjamlar we guralan hyzmatlar bilen tanyşdylar.
Awstriýa kompaniýasynyň baş direktory Aleksandr Masinger Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň wekilleri bilen duşuşygynda portuň düzümlerine ýokary baha berdi we portda oturdylan enjamlar üçin ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün etmekde hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirdi.
Şunuň bilen baglylykda, kompaniýanyň wekilleriniň giňişleýin toparynyň 2024-nji ýylyň noýabr aýynda Türkmenistana saparyny meýilleşdirmek teklip edildi.
Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr» 

Şeýle hem