Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ösdürilýär

12-nji oktýabrda paýtagtymyzda türkmen-mongol işewürlik maslahaty geçirildi. Munuň özi Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de giňelmegine, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň söwda-ykdysady, önümçilik, saglygy goraýyş, ulag-logistika, oba hojalygy we gaýtadan işleýän senagat ýaly ugurlarda ösdürilmegine gönükdirilen halkara çäresine öwrüldi.

Dostlukly ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, hususy kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen işewürlik maslahatynyň dowamynda iki ýurduň arasynda birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony dürli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alyp maslahatlaşyldy. 

Işewürlik maslahatyna ýurdumyzdan dürli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, Söwda-senagat edarasynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşdylar. Dürli ugurlary öz içine alýan işewürlik maslahatynda özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. 

Işewürlik maslahatyna gatnaşyjylar iki ýurduň kompaniýalarynyň arasyndaky özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlaryna garadylar. Şunda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi bilen bir hatarda özara tejribe alşylmagynyň wajypdygyna üns berildi. Mongoliýanyň işewür düzümleriniň wekilleri iki ýurduň hususyýetçileriniň arasynda göni gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň ähmiýetlidigini nygtadylar. 

Şunuň bilen baglylykda, ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmagyň mümkinçiliklerine garaldy. Myhmanlar Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň netijeli işiniň üpjün edilmegine gönükdirilen ygtybarly kanunçylyk binýadynyň özara gatnaşyklara oňyn täsiri barada aýtdylar. 

Şeýle hem ýokary derejede geçirilýän duşuşyklaryň we gepleşikleriň jemleri boýunça gazanylýan ylalaşyklar özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegine giň ýol açýar. Mongoliýanyň Prezidentiniň ýurdumyza guran saparynyň çäklerinde geçirilen duşuşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolandygyny we olaryň işjeň gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge kuwwatly itergi berer. 

Ýokary netijeli täze tehnologiýalary we öňdebaryjy usullary özleşdirmek üçin özara tejribe alşylmagynyň zerurdygyny nygtap, duşuşyga gatnaşyjylar önümçiligi dolandyrmagyň häzirki zaman täzeçil usullaryny öwrenmek, gaýtadan işleýän senagatyň mümkinçiliklerini artdyrmak maksady bilen, dünýäniň dürli ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklary işjeňleşdirilýär.

Iri halkara forumlarynyň, sergileriň we beýleki çäreleriň geçirilýän merkezi hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda gyzyklanma bildirýän daşary ýurtlar, şol sanda abraýly halkara guramalary bilen ýola goýulýan gatnaşyklar ösüşiň täze derejesine çykýar. Türkmen-mongol işewürlik maslahatynyň dowamynda bu ugruň ösdürilmeginiň wajypdygy nygtaldy. Şeýle hem maslahata gatnaşyjylar öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Şeýle hem