Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy

Düýn türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.

Gahryman Arkadagymyz dostlukly döwletiň Baştutanyny mähirli mübärekläp we Aşgabatda geçirilýän “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly wekilçilikli halkara foruma gatnaşandygy üçin minnetdarlyk bildirip, Şawkat Mirziýoýewi «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglanylmagy mynasybetli gutlady. Bu sylag özbek Lideriniň beýik türkmen şahyrynyň baý döredijilik mirasyny wagyz etmäge we ebedileşdirmäge goşan şahsy goşandyna ýokary bahadyr. Bellenilişi ýaly, şu ýylyň başynda Özbegistanda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňden belläp geçmek hakynda Karara gol çekilmegi, diňe bir türki halklaryň däl, eýsem, bütin dünýäniň edebiýatynyň we medeniýetiniň taryhynda aýratyn orun alan beýik söz ussady barada türkmen hem özbek kinematograflary tarapyndan bilelikdäki filmiň surata düşürilmegi-de munuň aýdyň mysalydyr.

Prezident Şawkat Mirziýoýew hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, birnäçe ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçirilen forumyň guramaçylyk derejesine ýokary baha berdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary, sebit we ählumumy gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän esasy meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Gahryman Arkadagymyz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda syýasy-diplomatik gatnaşyklara ünsi çekip, Türkmenistan bilen Özbegistanyň abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde birek-biregiň başlangyçlaryny we tekliplerini goldaýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Taryhyň, däp-dessurlaryň, diliň, ruhy gymmatlyklaryň umumylygy medeni-ynsanperwer ugurda türkmen-özbek gatnaşyklarynyň berk binýady bolup hyzmat edýär. Döredijilik wekiliýetleriniň iki ýurtda geçirilýän halkara çärelere yzygiderli gatnaşmagy, Medeniýet günleriniň, filmleriň görkezilişleriniň, bilelikdäki konsertleriň, sergileriň, festiwallaryň guralmagy muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Pursatdan peýdalanyp, Prezident Şawkat Mirziýoýew dostlugyň we aýratyn hormatyň nyşany hökmünde Gahryman Arkadagymyza özbek diline terjime edilen «Magtymguly» atly kitaby sowgat berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri sowgady üçin özbek Liderine minnetdarlyk bildirip, bu goşgular ýygyndysynyň ýakyn günlerde tanyşdyryljakdygyny habar berdi hem-de Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky däp bolan doganlyk gatnaşyklaryň geljekde-de depginli ösdüriljekdigine we özara hormat goýmak, raýdaşlyk, hyzmatdaşlyk ruhunda çuňlaşdyryljakdygyna ynam bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler birek-birege berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, gülläp ösüş we rowaçlyk arzuw etdiler.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Şeýle hem