Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň ajaýyp künjeginde bina edilen Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasyna gatnaşdy. 

Şeýle-de dabara Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, ýurdumyzyň Halk Maslahatynyň we milli parlamentiň wekilleri, syýasy partiýalaryň hem-de jemgyýetçilik guramalaryň, ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar. 

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary bilen paýtagtymyzyň günorta böleginde gurlan Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi we adybir medeni-seýilgäh toplumy Aşgabadyň binagärlik keşbine aýratyn öwüşgin çaýýar. 

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda 2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edildi. Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumy BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizildi. Mundan başga-da, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşuldy. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýyl «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edildi. 

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyny örän ýokary derejede bellemek, şahyryň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen eserlerini dünýä ýaýmak baradaky başlangyçlary öňe sürdi.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Şeýle hem