Milli saglygy goraýyş ulgamyna degişli desgalaryň açylyş dabarasy boldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşmagynda şu gün paýtagtymyzda gurlup ulanmaga berlen 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň we 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň açylyş dabaralary boldy.

Bu dabara Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramyny her ýylda giňden baýram etmegiň ýurdumyzda asylly däbe öwrülendiginiň subutnamasy boldy. 

Täze desgalaryň açylmagy hemişe döwrebaplaşdyrylyp durulýan milli saglygy goraýyş ulgamyna Türkmenistanda aýratyn üns berilýändiginiň aýdyň güwäsi boldy. Ilatyň saglygyny, bagtyýar durmuşyny we abadançylygyny goramak Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. 

Köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyna ýolbaşçylyk eden türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen öňe sürlen we işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzda soňky ýyllarda bu ulgamyň düzümleri giňeldilip, maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar, innowasion tehnologiýalar we iň gowy dünýä tejribeleri we lukmançylyk ulgamyndaky gazananlary işjeň ornaşdyrylýar. 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Şeýle hem