Hormatly Prezidentimiz Hatyra gününe düşýän dynç gününi duşenbe gününe geçirmek hakynda Permana gol çekdi

Hatyra gününiň dynç gününe düşýändigi sebäpli, Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň ikinji bölegine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi.

Resminama laýyklykda, 2024-nji ýylyň 6-njy oktýabryndaky dynç gününi 7-nji oktýabra — duşenbe gününe geçirmeli. Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmeli.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Şeýle hem