Türkmenistanyň Prezident watandaşlaryny Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow watandaşlaryny Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy bilen gutlady. Döwlet Baştutanymyz bu baýramy ägirt uly taryhy ähmiýetli waka diýip atlandyryp, mukaddes Garaşsyzlygyň milli döwletliligiň sarsmaz binýady we ýurduň şöhratly geljeginiň öçmez nury bolup durýandygyny belledi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda täze şäherlerdir obalaryň, ajaýyp binalaryň gurulýandygyny, belent sepgitleriň gazanylýandygyny, geljegiň uly maksatnamalaryna badalga berilýändigini nygtady.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýatlarda döwrebap ýaşaýyş jaý toplumlary, innowasion tehnologiýaly senagat kärhanalary, häzirki zaman lukmançylyk we bilim merkezleri, ýokary tizlikli awtomobil ýollary dabaraly açyp ulanmaga berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Garaşsyzlygyň 35 ýylynyň dowamynda döwletiň demokratik, hukuk we dünýewi esaslarynyň yzygiderli berkidilendigini belledi. Adam döwletiň we jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edilip, halk häkimiýetliliginiň nusgawy ýörelgelerini özünde jemleýän kämil döwlet dolandyryş edaralary we täze demokratik esaslar döredildi.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasy», Oba milli maksatnamasy esasynda häzirki wagtda ykdysadyýetiň pudaklary yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar, innowasion tehnologiýalara esaslanýan täze senagat döredilýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenistanyň Garaşsyzlygy ykrar edilen ilkinji günlerden müňýyllyklardan gözbaş alýan bitaraplyk we ynanyşmak taglymatlaryna, parahatçylyk we dostluk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny we halkara gatnaşyklar ulgamyna goşulmagyň milli ýoluny saýlap alandygyny ýatlatdy. Geçen 35 ýylyň dowamynda biziň ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden, ýokary derejeli sammitlerde, forumlarda, maslahatlarda bitaraplyk, öňüni alyş, energetika, ulag, ekologiýa, ylmy-lukmançylyk, medeni diplomatiýa boýunça öňe süren başlangyçlary bütin adamzat üçin örän bähbitli ählumumy tekliplere öwrüldi.

Gutlagyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow watandaşlaryna berk jan saglygyny, asuda we abadan durmuşy, egsilmez bagty, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Şeýle hem