Ulag pudagynda ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 117,2 göterime deň boldy

4-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň dokuz aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi hem-de öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 117,2 göterime deň boldy. Şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda awtomobil, demir ýol, howa, deňiz, derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň ösüş depgini 102,7 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 104,2 göterime, “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 102,5 göterime deň boldy. Arkadag şäheriniň demir ýol menziliniň, “Turgundy” demir ýol bekediniň “gury portunda” ammarlar toplumynyň, Turgundy — Hyrat demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy — Sanabar aralygynyň gurluşyk işlerine girişildi, Serhetabat — Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedinde täze demir ýol köprüsi açylyp ulanmaga berildi. Hasabat döwründe “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 109,5 göterim, “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça 148,3 göterim, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça 112,8 göterim, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça bolsa 114,3 göterim ösüş gazanyldy.
Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bu ulgama degişli düzümleýin önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda Serhetabat — Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň gurluşyk işleri alnyp barylýar. Hasabat döwründe halkara forumlaryň, bilelikdäki iş toparlarynyň mejlisleriniň birnäçesi geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilişini çaltlandyrmagyň, ýurdumyzda ýolagçy we ýük dolanyşygyny artdyrmak boýunça zerur işleri geçirmegiň, demir ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny artdyrmak babatda zerur çäreleri görmegiň, ýurdumyzyň ulag-logistika ulgamyny döwrebaplaşdyrmak işlerini berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigini belledi we agentligiň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklary berdi.
Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Şeýle hem