Türkmenistan we Ýaponiýa Ygtyýarly ykdysady operatorlar maksatnamasy boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Ýaponiýanyň Ygtyýarly ykdysady operatorlar (YYO) maksatnamasyny durmuşa geçirmek we tejribesini öwrenmek maksady bilen, sanly ulgam arkaly okuw maslahaty geçirildi.
Ýaponiýanyň Maliýe ministrliginiň Gümrük we salgyt edarasynyň hünärmenleri türkmen kärdeşlerini YYO maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça aýratynlyklary bilen tanyşdyrdylar. Ygtyýarly ykdysady operatorlar maksatnamasy halkara derejesinde ykrar edilen hyzmatdaşlar maksatnamasynyň ölçegidir. Ygtyýarly ykdysady operatorlar maksatnamasy halkara söwdasynyň subýekti bolup, olara belli bir talaplara laýyk gelýän adamlar hökmünde gümrük amallarynda we gümrük gözegçiliginde ýeňillikler berilýär. Olar Bütindünýä gümrük guramasynyň ölçeglerine we haryt ibermek ulgamynyň howpsuzlygyny üpjün edýän ýörelgelere laýyklykda hereket edýärler.
Okuw Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Ýaponiýanyň Maliýe ministrliginiň Gümrük we salgyt müdirliginiň YYO maksatnamasynyň ugry boýunça hyzmatdaşlygynyň mümkinçiligi, şol sanda özara ykrar etmek barada ylalaşyga gatnaşmagy ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdança boldy. Ýapon tarapy gümrük işleriniň beýleki ugurlarynda tejribe alyşmaga taýýardygyny mälim etdi. 

Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr» 

Şeýle hem