Demirgazyk – Günorta we Gündogar – Günbatar ugurlary boýunça ulag-üstaşyr geçelgeleriň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň çäklerinde 26-njy sentýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) Baş sekretary Asad Majid Hanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.   

Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen YHG-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň berkidilýändigini bellediler we özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Energetika, ulag-aragatnaşyk, söwda-ykdysady bileleşme, sanlylaşdyrmak we medeni gatnaşyklary ösdürmek ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Söhbetdeşler guramanyň çäklerindäki halkara hukuk binýadyny berkitmek we ýurdumyzyň guramanyň işgärler düzümine goşýan goşandy bilen baglanyşykly meseleleriň üstünde aýratyn durup geçdiler.

Taraplar BMG-niň çäklerinde döredilen meýdançany peýdalanmak arkaly, hyzmatdaşlygy berkitmegiň mümkinçiliklerine garadylar. Demirgazyk – Günorta we Gündogar – Günbatar ugurlary boýunça ulag-üstaşyr geçelgeleriniň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga, serhetüsti ykdysady işjeňligini höweslendirmäge aýratyn üns berildi.

Şeýle hem YHG-nyň Baş sekretary Arkadag şäheriniň halkara derejesindäki üstünliklerine we şäherde innowasiýa çözgütleriniň giňden durmuşa geçirilýändigine ünsi çekip, täze akylly şäherde YHG-nyň howandarlygyndaky ýokary derejeli, ilkinji nobatda, durnukly ösüş meselelerine bagyşlanan çäreleri guramaga gyzyklanma bildirdi.

Duşuşykda YHG-nyň gatnaşmagynda geçiriljek çärelere taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr»

Şeýle hem