Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Iş maslahatynda Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradow, Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow, Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew, Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow, Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow hasabat berdiler. Hasabatlarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýetişdirilen pagta hasylyny gysga möhletde, ýitgisiz ýygnap almak boýunça işler alnyp barylýar. Ýygym möwsüminde pagta ýygyjy kombaýnlar, beýleki tehnikalar netijeli işledilýär. Ýygnalan hasyly kabul ediş harmanhanalarynda, pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul etmek üçin zerur çäreler görülýär. Welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda bugdaý ekişi guramaçylykly dowam edýär. Ekişde ulanylýan oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Güýzlük ýeralma, gök-bakja we beýleki azyklyk ekinler ekilen meýdanlarda ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri geçirilýär. Şeýle hem häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleri barada hasabatlar berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, bugdaý ekişiniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmegini, daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen hasylyň gysga wagtda, ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny esasy wezipeleriň hatarynda kesgitledi we bu babatda häkimlere anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatlarda pagtaçy daýhanlaryň tutanýerli zähmeti bilen ösdürilip ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak, oba hojalyk tehnikalaryny netijeli işletmek, tabşyrylýan hasyly kabul ediş harmanhanalarynda, pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde, ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen, ekişde ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny doly güýjünde hem-de netijeli işletmek, önüm öndürijileri ýokary hilli bugdaý tohumy bilen üpjün etmek babatda zerur işler geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň Diýarymyzda ýeralmanyň gök-bakja we beýleki azyklyk ekinleriň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek baradaky tabşyryklaryny ýerine ýetirmek ugrunda degişli işler geçirilýär. Güýzlük ekilen azyklyk ekinlere ideg etmek işleri alnyp barylýar. Daşoguz hem-de Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg işleri, Mary welaýatynyň gant şugundyry ekilen meýdanlarynda bolsa hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işleriň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi hem-de olaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, şu günler gallaçy daýhanlarymyzyň durmuşynda jogapkärli möwsüm bolan bugdaý ekişiniň gyzgalaňly dowam edýändigini belledi. Gallanyň bereketli hasylyny ýetişdirmek, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, halkymyzyň rysgal-berekedini artdyrmak köp babatda ekiş möwsüminiň agrotehniki kadalara laýyklykda, öz wagtynda, ýokary hilli geçirilmegine baglydygyny tejribe görkezýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz welaýatlarda bugdaý ekişiniň alnyp barlyşyna gündelik gözegçilik etmegi, bugdaý meýdanlarynda tagt we gögeriş suwuny wagtynda tutmagy, ekişde tehnikalaryň doly güýjünde işledilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz pagtaçy daýhanlaryň durmuşynda hem jogapkärli döwrüň başlanandygyna ünsi çekip, welaýatlarda pagta ýygymynyň depginini has-da güýçlendirmek, ýetişdirilen hasyly gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini, ýygym möwsüminde kombaýnlaryň, awtoulaglaryň we beýleki tehnikalaryň, pagta arassalaýjy kärhanalaryň, harmanhanalaryň doly güýjünde işledilmelidigini, pagtaçylar üçin zerur bolan iş we durmuş şertleriniň döredilmelidigini tabşyrdy. Şunuň bilen bir hatarda, welaýatlarda güýzlük ýeralma, gök we beýleki ekinlere agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak üçin ähli zerur bolan guramaçylyk işlerini geçirmek babatda-da tabşyryklar berildi.

Döwlet Baştutanymyz welaýatlarda Garaşsyzlygyň 33 ýyllygyna gowy taýýarlyk görmegi, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň barşyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.


Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Şeýle hem