Raýat awiasiýasy pudagynyň hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça işler dowam etdirilýär

Düýn Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri girizildi.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew raýat awiasiýasy pudagynyň hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, “Türkmenhowaýollary” agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebiniň binýadynda Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň okuwyny guramak teklip edilýär. Şeýle hem ýurdumyzyň Halkara howa menzilleriniň ýük dolanyşygyny artdyrmak we ýük ammarlarynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, halkara ýük howa gatnawlarynyň sanyny artdyrmak maksady bilen, amaly okuwlary guramak meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, agentligiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, soňky ýyllarda ýurdumyzyň raýat awiasiýasy pudagynyň barha ösdürilýändigini, täze uçarlaryň yzygiderli satyn alynýandygyny, howa menzillerinde döwrebap şertleriň döredilýändigini, munuň bolsa halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamagy talap edýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz raýat awiasiýasy pudagynyň hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak we tejribelerini artdyrmak boýunça okuwlary geçirmek baradaky teklibi goldap, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.


Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Şeýle hem