Geçen hepde birža söwdalarynda geleşikleriň 10-sy hasaba alyndy

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geçen hepde geleşikleriň 10-sy hasaba alynyp, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Owganystanyň, Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, dizel ýangyjyny, uçar kerosinini satyn aldylar.


Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Serbiýanyň, Gazagystanyň telekeçilerine ýeňil senagat önümçiliginiň galyndylary, dikeldilen süýüm, buýan köki we baldagy, dokma önümleri ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 19 million 838 müň dollaryndan gowrak boldy.


Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Şeýle hem