Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynda birnäçe möhüm teklipleri hödürlär

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň düýn geçiren sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň wekiliýetiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň şu ýylyň 10-njy sentýabrynda açyljak 79-njy sessiýasyna gatnaşmagyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasynyň öňümizdäki sessiýasynyň çäklerinde 24 — 30-njy sentýabrda ýokary derejeli hepdeligiň geçirilmegine garaşylýar. 22-23-nji sentýabrda “Geljegiň sammitiniň” we beýleki çäreleriň guralmagy göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutanymyzyň goldawy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp düzmek boýunça daşary ýurtlar hem-de BMG-niň degişli düzüm birlikleri bilen bilelikde işleri alyp barmak meýilleşdirilýär. Öňde açyljak sessiýanyň çäklerinde ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamanyň taslamasyny hödürlemek hem göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, geljek ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek hakynda Kararnamasyny ýerine ýetirmek maksady bilen, birnäçe halkara çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.

Şeýle hem, ýurdumyz Ýapyk aýlanyşykly ykdysadyýete geçmek boýunça ählumumy Çarçuwaly maksatnamany, 2026 — 2035-nji ýyllar üçin BMG-niň “Durnukly ulagyň onýyllygyny” durmuşa geçirmek boýunça Hereketleriň meýilnamasynyň taslamasyny işläp düzmegi, Ählumumy energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň bileleşigini döretmegi teklip edýär.

Mundan başga-da, döwletimiziň başlangyjy esasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasynyň döredilmeginiň şertlerine garamak» atly Kararnamasyna laýyklykda geňeşmeler geçiriler. Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak hem hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda durýar. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň noýabrynda Türkmenistanda Hazar ekologiýa forumyny geçirmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly hyzmatdaşlygy alyp barýandygyny we onuň ýylsaýyn täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministrine Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň işine gatnaşmagyna ýokary derejede taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Şeýle hem