Türkmenistan bilen Halkara awtomobil ulaglary bileleşigi özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

6-njy sentýabrda Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Halkara awtomobil ulaglary bileleşiginiň (IRU) Baş sekretary Umberto de Prettonyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen IRU-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini bellediler. Taraplar BMG-niň çäklerindäki özara gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar we Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen Durnukly ulagyň dostlary toparynyň işi barada pikir alyşdylar. Şeýle-de noýabr aýynda Aşgabat şäherinde Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli  geçiriljek halkara maslahatyna taýýarlyk görmek meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Umberto de Pretto Türkmenistanyň sebit derejesinde ulag infrastrukturasyny kämilleşdirmäge ygrarlydygyny we halkara resminamalaryna goşulyşmak arkaly onuň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam berýändigini belledi. 

Duşuşygyň dowamynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisinde Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlarynda öz beýanyny tapan durnukly ulag pudagy boýunça Türkmenistanyň başlangyçlaryny durmuşa geçirmegiň ýollaryna hem garaldy.


Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

Şeýle hem