Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow düýn sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirip, onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew döwrüň talaplaryna laýyklykda, ulag-kommunikasiýa toplumynyň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda zerur çäreleriň görülýändigi habar berildi hem-de döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ulag-kommunikasiýa pudagynyň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny döwrüň talabyna laýyk getirmegiň möhüm bolup durýandygyny belledi we hödürlenen teklibi goldap, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.