Türkmenistan bilen Filippinler Respublikasy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek isleýär

Tokio şäherinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Atadurdy Baýramow Filippinler Respublikasynyň Ýaponiýadaky ilçisi Milen Garsiýa-Albano bilen duşuşdy. 

Duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, ýokary derejedäki özara saparlaryň, şeýle hem parlamentara, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynda möhüm ähmiýete eýedigi nygtaldy. 

Mundan başga-da, taraplar halkara guramalarynyň arasynda täsirli özara gatnaşyklaryň möhümdigine ünsi çekdiler. Duşuşygyň ahyrynda taraplar özara bähbitli ugurlarda iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga mundan beýläk hem ygrarly boljakdyklaryny mälim etdiler.


Çeşme: Türkmenistan Halkara habarlar merkezi

Şeýle hem