Täjigistan Respublikasynda Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdep açyldy

1-nji sentýabrda Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde gurlan 540 orunlyk Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdep ulanmaga berilýän desgalaryň hatarynda aýratyn orun eýeledi. Onuň açylyş dabarasyna sanly ulgam arkaly iki döwletiň Prezidentleri Serdar Berdimuhamedow we Emomali Rahmon gatnaşdylar.

Dostlukly goňşy ýurtdaky täze bilim edarasynyň binalar toplumynyň gurluşygy Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň dekabrynda gol çeken Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň gurluşykçylary tarapyndan alnyp baryldy. Ýeri gelende bellesek, türkmen halkynyň we Gündogaryň meşhur akyldar şahyrynyň adyny göterýän umumybilim berýän orta mekdebiň düýbüni tutmak dabarasy 2023-nji ýylyň 10-njy maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna döwlet sapary wagtynda geçirilipdi. 

Mekdebiň esasy girelgesiniň öňünde, Türkmenistanyň we Täjigistanyň Döwlet baýdaklarynyň ýanynda köp sanly myhmanlar ýygnandylar. Olaryň arasynda iki ýurduň resmi wekiliýet agzalary, hormatly ýaşulular, ýaşaýjylar bar.

Alyp baryjylar türkmen we täjik dillerinde dabara gatnaşyjylaryň ählisini hem-de myhmanlary şatlykly waka — täze umumybilim berýän mekdebiň ulanmaga berilmegi bilen gutlap, iki döwletiň Baştutanlaryny uly hormat bilen çykyş etmäge çagyrýarlar.

Ilki bilen, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona söz berildi. Ol Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen bilelikde Täjigistanyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynda Magtymguly Pyragy adyndaky umumybilim berýän mekdebiň açylyş dabarasyna gatnaşmaga şatdygyny belledi. Dostlukly ýurduň Prezidenti ýurtlarymyzda şu gün giňden bellenilýän bilimler baýramçylygynda täze bilim edarasynyň açylmagynyň ynsanperwerligiň nyşany bolup durýandygyny nygtady.

Täze, döwrebap mekdebiň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça gurlandygyny aýdyp, dostlukly ýurduň Baştutany Gahryman Arkadagymyza durmuşa geçirilen ägirt uly işler hem-de taraplaryň tagallalary netijesinde hil taýdan täze derejä çykarylan türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine goşýan şahsy goşandy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşyjylara sanly ulgam arkaly gutlag sözi bilen ýüzlendi.

Döwlet Baştutanymyz Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini, ýurduň mugallymlaryny we mekdep okuwçylaryny täze okuw ýylynyň ilkinji güni bilen gutlap, asylly däbe görä, Türkmenistanda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününde ýurdumyzda dabaraly çäreleriň geçirilýändigini, täze bilim edaralarynyň açylýandygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz şu gün sanly ulgam arkaly täjigistanly doganlarymyz bilen bilelikde Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde Magtymguly adyndaky umumybilim berýän täze orta mekdebiň açylyş dabarasyna gatnaşýandygyny aýtdy. Bu mekdebiň gurluşygyna geçen ýylyň maýynda döwlet Baştutanymyzyň Täjigistan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň çäginde badalga berildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen türkmen gurluşykçylary tarapyndan gurlan bu mekdep iki ýurduň arasyndaky dost-doganlygyň nyşanydyr. Hormatly Prezidentimiz Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmony, mugallymlary we okuwçylary, şeýle hem Ergeş Sultanow daýhan birleşiginiň ähli ýaşaýjylaryny täze mekdebiň açylyp ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady. Bellenilişi ýaly, bilim edarasynyň türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň Türkmenistanda we daşary ýurtlarda giňden bellenilýän ýylynda açylmagy uly many-mazmuna eýedir.

Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona türkmen-täjik gatnaşyklaryny pugtalandyrmak meselelerine hemişe üns berýändigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi hem-de Gahryman Arkadagymyzyň we ähli türkmen halkynyň adyndan dostlukly ýurduň Baştutanyny, mugallymlardyr okuwçylary täze, döwrebap mekdebiň açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady.

Prezidentleriň ak patasy bilen, ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň resmi wekiliýetleriniň ýolbaşçylary toý bagyny kesdiler. Şol wagt täze okuw ýylynyň, döwrebap bilim edarasynyň işiniň başlanýandygyny buşlaýan ilkinji jaň sesi ýaňlandy.

Ýeri gelende bellesek, mekdep üçin şu ýeriň saýlanyp alynmagy tötänleýin däldir. Häzirki wagtda Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynda türkmenler kowçum bolup ýaşaýarlar. Olar döredijilik we ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan, dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan watandaşlarymyza goldaw-kömegini bärýän ata Watanymyz bilen aýrylmaz ruhy arabaglanyşygyň nyşany hökmünde Magtymguly adyndaky täze mekdebiň açylandygy baradaky habary uly şatlyk bilen kabul etdiler.

«Döwlet gurluşyk» hojalyk jemgyýeti tarapyndan gurlan mekdep binasy umumy meýdany 4300 inedördül metrden gowrak bolan okuw toplumyny özünde jemleýär. Gurluşyk işleri dolulygyna türkmen tarapynyň hasabyna, häzirki zaman ölçegleri esasynda alnyp baryldy. Baş binada giň, ýagty synp otaglarynyň 24-si ýerleşdirilipdir. Olarda okuw işini netijeli alyp barmak üçin ähli şertler döredilendir. Binada kitaphana, üsti ýapyk sport zaly, uly mejlisler jaýy, naharhana, lukmançylyk nokady we beýlekiler hem bar.

Bu gün dabara gatnaşyjylaryň ählisi, aýratyn-da, 1-nji synp okuwçylary üçin ýatdan çykmajak baýramçylyga öwrüldi. Şanly waka mynasybetli hormatly Prezidentimiziň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyndan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna “Bilimli” haryt nyşanly 100 sany noutbuk kompýuteri, şeýle-de “Toyota Coaster” kysymly awtobus sowgat berildi.

Ajaýyp sowgat üçin mekdep okuwçylarynyň we mugallymlaryň adyndan hormatly Prezidentimize we parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň hem-de ähli gyzyklanma bildirýän ýurtlar, ilkinji nobatda, sebit boýunça goňşy döwletler bilen dostlukly gatnaşyklaryň binýadyny goýan Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözleri aýdyldy.

Mekdebiň öňünde oturdylan, döredijiligine dünýäniň ähli künjeklerinde uly sarpa goýulýan beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine köp sanly gül desseleri goýuldy.

Şeýlelikde, täze taryhy döwürde strategik häsiýete eýe bolan köptaraply döwletara hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegi bolup çykyş edýän türkmen-täjik medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň taryhyna ýene bir ajaýyp sahypa ýazyldy. 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Şeýle hem