Türkmenistanyň Daşary işler ministri Pakistanyň Milli logistika korporasiýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

23-nji awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Pakistanyň Milli logistika korporasiýasynyň ýolbaşçysy Farruk Şahzad Raonyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-pakistan gatnaşyklaryny mundan beýläk hem ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Taraplar hususan-da ulag-logistika pudagyndaky hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ünsi çekmek bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlangyçly ulag syýasatyny nazara alyp, sebitiň ýurtlarynyň has gowy ykdysady integrasiýasy üçin üstaşyr geçirilýän ýükleriň mukdaryny köpeltmegi, gümrük amallaryny ýeňilleşdirmegi, port infrastrukturasyny işjeňleşdirmegi öz içine almak bilen, ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmek boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

Şeýle hem