Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «Arçman» şypahanasynyň bejeriş düzümini kämilleşdirmegiň mümkinçilikleri bilen tanyşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsady wagtynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky «Arçman» şypahanasynda bolup, onuň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän we durky täzelenilýän binalaryň taslamalary, şypahananyň bejeriş düzümini kämilleşdirmegiň mümkinçilikleri bilen tanyşdy.

Ir bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Arçman” şypahanasyna geldi. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri mähirli garşylanyldy.

Gahryman Arkadagymyzyň garamagyna şypahananyň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary we ozal bar bolan desgalaryň durkuny täzelemegiň ugurlary, degişli düzümleriň ýerleşýän ýerleriniň çyzgylary görkezildi hem-de ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamalary barada hasabat berildi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, “Arçman” şypahanasynda täze bejeriş binasyny gurmak boýunça degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen guramaçylyk işleri geçirildi. Görkezilýän taslamalaryň hatarynda täze gurulmaly 400 orunlyk binanyň, durky täzelenilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň, şypaly suw bilen bejeriş binasynyň, daşky eltiji ulgamlaryň, şypaly suw içilýän binanyň, 300 orunlyk mejlisler otagynyň, 400 we 250 orunlyk naharhanalaryň, dermanlyk otlardan taýýarlanan dürli içgileri hödürleýän çaýhananyň, diş lukmanynyň otagynyň, anyklaýyş we fizioterapiýa, rentgen otaglarynyň taslamalary, ornaşdyrylmagy meýilleşdirilýän enjamlaryň görnüşleri, desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bar. 

Lukman Arkadagymyz taslamalar we çyzgylar bilen içgin tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy hem-de degişli düzedişleri girizdi. Täze binalary gurmak, desgalaryň durkuny täzelemek işlerinde milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmagy wajypdyr. Ýerli tebigatyň özboluşly aýratynlyklaryna, bu çägiň ekologik ýagdaýyna möhüm ähmiýet berilmelidir. Binalaryň taslamalary taýýarlananda hut şu talaplardan ugur alynmalydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri öňde duran wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi, meýilleşdirilen gurluşyk işleriniň bellenilen möhletlerde we ýokary hilli alnyp barylmagynyň häzirki döwrüň wajyp wezipesidigini belläp, bu işleriň depginini yzygiderli gözegçilikde saklamak babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. 

Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz bu ýerde ulanyljak lukmançylyk enjamlarynyň döwrebap bolmalydygyny belledi. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyk işlerinde hiç hili ownuk zadyň ýokdugyny aýdyp, toplumyň binalarynyň enjamlaşdyrylyşyna, olarda döredilýän mümkinçiliklere, binalaryň bezeg aýratynlyklaryna, ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilmegini, kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna örän jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy. 

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanyna öwrülendigini belläp, lukman Arkadagymyz ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän döwrebap şypahanalaryň ähli mümkinçilikleriniň halkymyzyň sagdynlygynyň berkidilmegine hyzmat edýändigini aýratyn nygtady. Munuň özi “Saglyk” Döwlet maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Şypahanalarda raýatlarymyz saglygyny berkidýärler, döredilen mümkinçiliklerden we hyzmatlardan netijeli peýdalanýarlar. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň durmuş ugurlydygyny aýdyňlygy bilen äşgär edýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri “Arçman” şypahanasynyň täze bejeriş binasynyň gurulmagynyň ähmiýetine ünsi çekdi we gurluşyk işlerini ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Şeýle hem