Hünärmenleri taýýarlamak meselesi boýunça duşuşyk geçirildi

Awgust aýynyň 21-ne “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi bilen Russiýa Federasiýasynyň General-admiral F.M.Apraksin adyndaky Hazar deňiz we derýa ulaglary institutynyň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda Türkmenistanyň deňiz we derýa ulaglary pudagy üçin hünärmenleri taýýarlamakda hyzmatdaşlygy ýola goýmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň dowamynda General-admiral F.M.Apraksin adyndaky Hazar deňiz we derýa ulaglary institutynyň direktory çykyş edip, Institutyň alyp barýan işi, okadylýan ugurlar, ýaş deňizçileri taýýarlamak boýunça jemgyýetçilik çäreleri barada gürrüň berdi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar bu ugurda degişli işleri geçirmekligi dowam etmekligiň maksadalaýyk boljakdygyny belläp geçdiler.

Çeşme: “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň resmi web sahypasy

Şeýle hem