Türkmenistandan, Russiýadan, Gazagystandan we Eýrandan geçýän "Demirgazyk-Günorta" halkara ulag geçelgesiniñ gündogar ugrunyñ mümkinçiligi her ýyl 15 mln tonna barabardyr. Bu barada Astrahanda geçirilen IX Hazar mediaforumynda Russiýa Federasiýasyndaky Eýran Yslam Respublikasynyñ Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Kazem Jalali žurnalistlere habar berdi.
Demirgazyk-Günorta geçelgesiniň bu gündogar ugrunyň mümkinçiligi - her ýyl 15 mln tonna barabardyr. Geçelge Russiýa Federasiýasynyñ, Gazagystanyñ, Türkmenistanyñ, soñra bolsa Eýran Yslam Respublikasynyñ çäklerinden geçýär.
2023-nji ýylda ýurtlar bu ugur boýunça ýükleriñ daşalyşyna başlap, daşalyşyñ möçberi 650 müñ tonna barabar boldy. 2024-nji ýylda bu ugur boýunça ýük aýlanyşygyny 2 mln tonna çenli artdyrmak meýilleşdirilýär.