«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň ýaşlarynyň arasynda sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak we ýol hereketiniň howpsuzlygyny berjaý etmek boýunça wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
«Altyn Asyr» ÝGPJ-niň mejlisler jaýynda geçirilen çärä Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda ata Watanymyzda adamlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi we ýurdumyzda ynsan saglygyny, onuň howpsuzlygyny gorap saklamak üçin ägirt uly tagallalary edýändigi buýsanç bilen bellenip geçildi.
Çärä gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda döwrebap ýollaryň gurluşygynyň amala aşyrylmagy we Türkmenistanda 2025-nji ýyla çenli sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda ähli pudaklaryň, hususan-da, ulag toplumynyň işiniň kämilleşdirilmegi babatda çykyş etdiler.