Türkmenistan «Ählumumy Günortanyň sesi» sammitine gatnaşdy

17-nji awgustda Hindistan Respublikasynyň Hökümeti tarapyndan wirtual görnüşde guralan üçünji «Ählumumy Günortanyň sesi» sammitiniň ministrler mejlisine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow gatnaşdy.

Sammit dünýäniň 100-den gowrak ýurdunyň wekillerini jemledi. «Durnukly gelejek ugrunda Ählumumy Günortanyň mümkinçiliklerini giňeltmek» mejlisiň esasy temasy boldy. Çäräniň maksady özara bähbitli sebit hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak we ösüp barýan ýurtlaryň derwaýys meselelerini çözmek boýunça anyk teklipleri işläp düzmekden ybaratdyr.

Türkmenistanyň wekili öz çykyşynda bu çärä gatnaşmaga çakylygy üçin hindi tarapyna sagbolsun aýtdy. Türkmenistanyň ulag we energetika ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegi maksat edinýändigini belledi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Bitaraplyk we bilelikdäki parahatçylykly ýaşaýyş ýörelgeleri esasynda konstruktiw hyzmatdaşlyk ugrunda çykyş edýän Türkmenistanyň garaýşyny tassyklady.


Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

Şeýle hem