Ýurdumyzda ulag-logistika pudagyny ösdürmek üçin möhüm işler alnyp barylýar. Bu ugurda halkara ýük daşaýyşlaryny amala aşyrýan awto serişdeleriniň sürüjilerini we ulag operatorlaryny taýýarlamak üçin Türkmenistan degişli okuw merkezini açmagy meýilleşdirýär.
Akademiýa eýýäm gysga wagtlyk okuwlary geçirmek üçin mugallymlary taýýarlap başlady. Ilkinji 3 günlük onlaýn okuwlar tahograflary ulanmagyň aýratynlyklaryna bagyşlanýar. Okuw 5 tapgyrda geçiriler.
Synaglardan üstünlikli geçenler okuw merkezi Şweýsariýa döwletiniň Ženewa şäherinde ýerleşýän akademiýanyň şahadatnamasyny alarlar. Bu okuw merkezi okuwy üstünlikli tamamlan türkmen sürüjilerine we ulag operatorlaryna halkara derejeli şahadatnamalar, diplomlar bermäge mümkinçilik döredýär.