Şu günler «Türkmendeňizderýaýollary» gullugynyň işgärleri üçin deňiz işgärleriniň hünärlerini ýokarlandyrmak boýunça bäş günlük okuw geçirilýär. 12-nji awgustda başlanan okuw türkmen deňizçileriniň hünär derejesini ýokarlandyrmaga we sebitde deňiz gämi gatnawynyň howpsuzlygyny artdyrmaga gönükdirilendir.
Bu çäre USAID-iň Merkezi Aziýadaky Söwda Maksatnamasy tarapyndan guraldy we Halkara deňiz guramasynyň (IMO) Deňizçileri taýýarlap, diplom bermek, şeýle hem wahtada durmak barada konwensiýasyna laýyklykda geçirilýär. Konwensiýanyň esasy wezipeleri gämi gatnawynyň howpsuzlygyny artdyrmak, deňiz gurşawyny goramak we deňizçileriň aman-esenligini üpjün etmekdir.
Türkmenistan STCW Halkara konwensiýasyna (Taýýarlyk, şahadatnama we wahtada durmak barada Halkara Konwensiýasy) 2009-njy ýylyň maý aýyndan bäri gatnaşýar. Bu möhüm waka biziň ýurdumyzyň deňiz howpsuzlygynyň ýokary ülňülerini üpjün etmäge we dünýä deňiz jemgyýetine işjeň gatnaşmaga ymtylýandygyny görkezýär.