Türkmenistanyň wekiliýeti meýletinçileriň Gyrgyzystanda geçirilýän halkara mekdebine gatnaşýar

12–16-njy awgustda Gyrgyzystanda geçirilýän Türki döwletleriň guramasyna girýän ýurtlardan bolan meýletinçileriň halkara mekdebine Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşýar

Bu çäre meýletin gatnaşyklary berkitmäge, durmuş, ykdysady, daşky gurşaw we beýleki meseleleri çözmekde meýletinçiligiň ornuny ýokarlandyrmaga, meýletinçiligi ösdürmäge we goldamaga gönükdirilendir.

Bu halkara mekdep guramalaryň arasyndaky gatnaşyklary berkitmäge we ýaşlaryň meýletin çärelere giňden çekilmegine ýardam edýän meýletinlik işi boýunça tejribe, bilim we görelde alyşmak üçin ýerlik bolup hyzmat edýär.


Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr» 

Şeýle hem