Türkmenistan bilen Sloweniýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar

Türkmenistanyň Sloweniýa Respublikasyndaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi E.Aýdogdyýewiň (oturýan ýeri Moskwa şäheri) ýurduň Prezidenti hanym Nataşa Pirs-Musara ynanç hatyny gowşuryş dabarasy geçirildi. 

13-nji awgustda Lýublýana şäherinde Prezidentiň köşgünde geçirilen dabaranyň dowamynda Ilçi E.Aýdogdyýew Sloweniýa Respublikasynyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar iki dostlukly ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsaperwer gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ösdürilmegi babatda maslahatlaşdylar.


Çeşme:«Türkmenistan: Altyn asyr» 

Şeýle hem