Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisine işjeň taýýarlyk görýär

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisine ýokary derejeli taýýarlyk görýär. Durnukly ösüş maksatlarynyň 17-sini resmi taýdan kabul eden we olary durmuş-ykdysady ösüşiň milli meýilnamalaryna we strategiýalaryna uýgunlaşdyran ýurt hökmünde Türkmenistan jemgyýetçilik durmuşynyň ähli möhüm ugurlarynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de güýçlendirmäge çagyrýar.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň iýun aýynda ýurdumyz öňde duran 79-njy mejlisiň Başlygynyň orunbasarlygyna saýlandy. Türkmenistan bitaraplyk, goşulyşmazlyk we öňüni alyş diplomatiýasynyň ýörelgelerine eýermegi dowam eder. 

Türkmenistan Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak boýunça guramaçylyk işlerini dowam etdirer. Bu ugurda ýurdumyz ähli gyzyklanma bildirýän döwletleri, halkara düzümleri, institutlary we BMG-niň  edaralaryny hyzmatdaşlyga çagyrýar.

Halkara resminamalarynyň, şol sanda Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygyna we Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolagy döretmek baradaky Şertnamanyň 15 ýyllygyna bagyşlanan resminamalaryň işlenip düzülmegi dowam etdiriler.

Ýurdumyz GH-e agza ýurtlaryna Türkmenistanyň Ählumumy howpsuzlyk strategiýasy baradaky başlangyjyna ählumumy parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmegiň, gapma-garşylyklaryň öňüni almagyň we zyýansyzlandyrmagyň görkezijileriniň biri hökmünde bitaraplyk ýörelgesini goldamak baradaky düzgüni goşmak boýunça utgaşdyrylan çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga girişmäge çagyrýar.

Bitaraplygy we parahatçylyk başlangyçlaryny üpjün etmekde baý tejribä eýe bolan Türkmenistan BMG-niň ählumumy araçylarynyň ýöriteleşdirilen taýýarlyk we iş maksatnamasyny döretmegi teklip edýär. Bu häzirki döwrüň halkara ýagdaýlarynda hünär taýýarlykly araçylaryň işlerine ýüze çykýan zerurlyk bilen şertlendirilendir.

Terrorçylyga garşy göreş hem ileri tutulýan ugur bolmagynda galýar. Ýurdumyz bu ugurda BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etdirer.

Türkmenistan Ýapyk aýlanyşykly ykdysadyýete geçmek boýunça ählumumy çarçuwaly maksatnamany işläp düzmäge, şeýle hem BMG-niň Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça departamentiniň we BMG-niň bäş sebitleýin ykdysady komissiýasylary bilen hyzmatdaşlykda BMG-niň 2026–2035-nji ýyllar döwri üçin «Durnukly ulagyň onýyllygyny» durmuşa geçirmek üçin Hereketleriň meýilnamasynyň taslamasynyň işlenip düzülmegini hödürlemäge taýýarlyk görýär.

Mundan başga-da, Türkmenistan Bütindünýä durnukly ulag gününe bagyşlanan Halkara çäräni we BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78/148 «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulagyň ähli görnüşleriniň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak» kararnamasyna laýyklykda, Durnukly ulagyň dostlary toparynyň ministrler derejesindäki nobatdaky duşuşygyny geçirmegi teklip edýär.

Başlangyçlaryň hatarynda Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasyny we Ählumumy energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň bileleşigini döretmek hem bardyr.

Türkmenistan üçin howa meselesi üns merkezinde bolmagynda galýar. Merkezi Aziýada daşky gurşaw meselelerine strategik taýdan çemeleşmekde möhüm ädim hökmünde Türkmenistan ýöriteleşdirilen düzümi – Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmegiň ugrunda işini dowam etdirer. 

Aziýa-Ýuwaş ummany sebiti üçin ykdysady we durmuş komitetiniň (ESCAP) 2023-nji ýylyň 19-njy maýyndaky 79/8 «Birleşen Milletler Guramasynyň Aral deňziniň howdany boýunça Ýörite Maksatnamasynyň döredilmeginiň şertlerine garamak» atly Kararnamasyny durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistan BMG-niň Aral deňziniň howdany boýunça ýörite maksatnamasyny (UN SPAS) döretmek ugrunda taslama resminamalaryny taýýarlamak boýunça BMG-niň degişli edaralary bilen geňeşmeleri dowam eder.

Hazar deňziniň gaýtalanmajak tebigy baýlyklaryny gorap saklamak ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda durýar. Şunuň bilen baglylykda, bu meselede halkara tagallalaryna anyk mazmun bermek üçin Türkmenistan 2025-nji ýylda Ikinji Hazar daşky gurşaw Forumyny guramagy teklip edýär.

Ynsanperwer ugur hem ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Türkmenistan BMG-niň edaralary bolan BMG-niň Parahatçylygy gurmak boýunça Komissiýasynyň, «BMG – Zenanlar» düzüminiň we beýleki sebit we halkara guramalarynyň gatnaşmagynda «Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» atly ählumumy gün tertibini durmuşa geçirmek boýunça zenanlar dialogynyň yzygiderli esasdaky geňeşmeleriniň mehanizmini döretmek meselesine seretmegi möhüm hasaplaýar. Şeýle mehanizmiň işi Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogynyň maksatlaryna laýyk gelýär.

Şeýle hem Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisinde «Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» halkara gün tertibini durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen Merkezi Aziýa Ýaşlar dialogynyň işini goldamagy dowam etdirmegi maksat edinýär.

Türkmenistan raýatsyzlygy azaltmak we onuň öňüni almak boýunça halkara tagallalaryň birleşdirilmegini goldaýar we bu mesele boýunça Sebit maslahatyny geçirmegi göz öňünde tutýar.

«Sport parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna» ählumumy gün tertibini öňe sürmekde esasy gatnaşyjylaryň biri hökmünde Türkmenistan sport diplomatiýasyna aýratyn ähmiýet berýär. Şunda, 2024-nji ýylyň aprelinde Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň Durnukly ösüş hepdeliginiň çäginde geçirilen BMG-niň ilkinji Diplomatik dostluk oýunlarynyň tejribesine esaslanyp, Türkmenistan BMG-niň howandarlygynda şeýle oýunlary ýyldan-ýyla geçirmegiň tejribesini berkitmäge gönükdirilen kararnama taslamasyny BMG-niň Baş Assambleýasynyň garamagyna hödürlemäge taýýarlyk görýär. 

Şeýle hem, medeniýetara dialogy güýçlendirmek we BMG-niň Baş Assambleýasynyň halkara gatnaşyklarynda köpdilliligi goldamak baradaky kararnamalaryny durmuşa geçirmek üçin Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Bütindünýä türki dilleriň güni» kararnamasynyň taslamasyny ilerletmek işini dowam etmegi teklip edýär.

Türkmenistan ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek we berkitmek, hem-de Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek maksady bilen, milli derejede we halkara formatlarda işjeň işleri alyp barmagy maksat edinýär.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

Şeýle hem