Bütindünýä gümrük guramasy tarapyndan guralan okuwa türkmen wekiliýeti gatnaşdy

Bütindünýä gümrük guramasynyň halkara bilermenleri tarapyndan Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň gümrük we beýleki ygtyýarly edaralarynyň işgärleri üçin ýokary töwekgelçilikli ýük daşamalaryny ýüze çykarmak we ýok etmek, port gözegçilik toparlarynyň agzalarynyň hünärini ýokarlandyrmak we olary bilermen hökmünde sebit okuw çäreleriň işine çekmek maksady bilen okuw geçirildi. 

Okuwa Türkmenistan tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkeziniň müdiri, Aşgabat şäher gümrükhanasynyň «Aşgabat howa menzili» we Balkan welaýat gümrükhanasynyň «Parom geçelgesi» gümrük nokatlarynyň wekilleri gatnaşdy.

Okuw Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky Müdirliginiň we Bütindünýä gümrük guramasynyň «Konteýnerli daşamalara gözegçilik etmek boýunça» Ählumumy maksatnamasynyň üsti bilen amala aşyrylýan «Serhetde ýolagçylary we ýükleri profilirlemek boýunça toparlar» başlangyjynyň çäginde guraldy.

Mundan başga-da, 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde akkreditasiýa synaglary geçiriler. Synaglardan üstünlikli geçen dalaşgärler Bütindünýä gümrük guramasynyň akkreditirlenen bilermeni hukugyna eýe bolar.


Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr» 

Şeýle hem