Türkmen wekiliýeti “Ýüpek ýoly 2024” atly sergä gatnaşar

Türkmen wekiliýeti Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Syýahatçylyk müdirliginiň başlygy Akynyýaz Agamyradowyň ýolbaşçylygynda 9-11-nji awgust aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäherinde geçiriljek “Ýüpek ýoly 2024” atly sergisine gatnaşar.

Forumyň Sian şäherinde geçmeginiň örän uly manysy bardyr, sebäbi bu şäher baý medeniýete, iri senagata, bilim we syýahatçylyga eýe bolup, gadymy döwürlerde Beýik Ýüpek ýolunyň Merkezi Aziýa boýunça hereket eden söwda kerwenleriniň başlangyç nokady bolupdyr.


Çeşme: Türkmenistan Halkara habarlar merkezi

Şeýle hem