Türkmen-gazak gatnaşyklarynyň birnäçe meseleleri maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň Orunbasary, Daşary işler ministri Murat Nurtleuwyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

29-njy iýulda bolup geçen söhbetdeşlikde ministrler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryna garadylar we Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösmeginde ýokary derejede dostlukly dialogyň uly ähmiýete eýedigini bellediler.

Iki ýurduň Döwlet baştutanlarynyň duşuşyklarynyň döwletara hyzmatdaşlygyny dürli ugurlar boýunça ösdürmäge we çuňlaşdyrmaga itergi berýändigi aýratyn nygtalyp geçildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar başga-da birnäçe möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.


Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

Şeýle hem